Türkmenistan dini bilim ulgamynda Pakistanyň tejribesini öwrenmegi meýilleşdirýär
Amul Info ·

Türkmenistan bilen Pakistan dini bilim, Gurhany öwrenmek we dini meseleler boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy. Yslamabatda geçirilen duşuşykda Pakistanyň okuw maksatnamalary, okatmagyň usullary hem-de yslam hukugy we Gurhanyň düşündirilişi boýunça tejribesini öwrenmek meselelerine…
Türkmenistan bilen Pakistan dini bilim, Gurhany öwrenmek we dini meseleler boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda Pakistanyň dini bilim ulgamyndaky tejribesini öwrenmek we ony Türkmenistanda ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Pakistanyň Dini işler we dinleriň arasyndaky ylalaşyk ministrligi habar berdi.
Bu meseleler Yslamabat şäherinde «Arkadag» ruhy metjidiniň dini guramasynyň başlygy we baş ymamy Ýalkap Hojagulyýewiň Pakistanyň dini işler boýunça federal sekretary Abrar Ahmed Mirza bilen geçiren duşuşygynda gozgalyp geçildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Pakistanyň dini bilim ulgamynda toplan tejribesini öwrenmek, Türkmenistanda yslam dininiň esaslaryny wagyz etmek hem-de bu ugurda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada ylalaşdylar.
Ýalkap Hojagulyýew saparynyň esasy maksadynyň Pakistanyň dini bilim ulgamynyň gurluşy, okuw maksatnamalary we okatmagyň usullary bilen tanyşmakdan ybaratdygyny belledi.
Şeýle hem ol yslam ynanjynyň esaslaryny, yslam hukugyny — fykhy we Gurhanyň düşündirilişini — tefsiri öwretmek boýunça Pakistanyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.
Duşuşyk iki ýurduň dini bilim ulgamyndaky tejribe alyşmagyny giňeltmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.