Aýaz babanyň täze ýyl otlusy Beýik Ustýugdan Russiýanyň şäherlerine ýola düşdi
Amul Info ·

Russiýanyň Beýik Ustýug şäherinden Aýaz babanyň däbe öwrülen täze ýyl otlusy altynjy gezek syýahata çykdy. Bu ýyl otly ýurduň 65 şäherine baryp, Täze ýyl baýramçylygynyň şowhunyny paýlaşar. Syýahat 2027-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda tamamlanar. Otly ilkinji gezek 2021-nji ýylyň dekabrynda ýola…
Russiýanyň Beýik Ustýug şäherinden Aýaz babanyň däbe öwrülen täze ýyl otlusy altynjy gezek syýahata çykdy. Geçen ýekşenbe güni badalga alan otly ýurduň dürli şäherlerine aýlanyp, Täze ýyl baýramçylygynyň şowhunyny paýlaşar. Bu barada «MIR 24» teleýaýlymy Aýaz babanyň sosial torlardaky sahypasyna salgylanyp habar berdi.
«Maks» platformasynda paýlaşylan habarda Wologda sebitiniň ertekiler dünýäsiniň tutuş ýurdy birleşdirýändigi we otlynyň Beýik Ustýugdan Russiýa boýunça altynjy syýahatyna başlandygy bellenilýär.
Bu ýylky syýahatyň dowamynda Aýaz babanyň otlusy Russiýanyň 65 şäherine baryp görer. Syýahat 2027-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda tamamlanar.
Aýaz babanyň täze ýyl otlusy ilkinji gezek 2021-nji ýylyň dekabrynda ýola goýlupdy. Russiýanyň Wologda sebitinde ýerleşýän Beýik Ustýug şäheri bolsa Aýaz babanyň hemişelik mekany hökmünde tanalýar.