«Barselona» Çempionlar ligasynda PSŽ-den ýeňlip, möwsümdäki ilkinji şowsuzlygyna sezewar boldy
Amul Info ·

⚽ PSŽ «Barselonany» 4:2 hasabynda ýeňdi! Parižliler katalon toparynyň ähli ýaryşlarda yzly-yzyna gazanan 11 ýeňşini tamamlady. PSŽ Çempionlar ligasynda üç oýundan soň 9 utuk bilen birinji orunda, «Barselona» bolsa 6 utuk bilen bäşinji basgançakda ýerleşýär.
Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» (PSŽ) topary futbol boýunça Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Ispaniýanyň «Barselona» toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykdy. Pariž şäherinde geçirilen duşuşyk katalon toparynyň möwsümiň başyndan bäri ähli ýaryşlarda gazanan 11 oýundan ybarat ýeňiş tapgyryny kesdi.
Duşuşykda PSŽ-niň düzüminde Désire Due 38-nji, Luka Ernandes 72-nji, Witinýa 81-nji we Fabian Ruiz 87-nji minutlarda gol geçirdi. «Barselonanyň» düzüminde bolsa Hawi Espart 55-nji, Lamin Ýamal 79-njy minutda tapawutlandy.
Duşuşygyň birinji ýarymynda şikes sebäpli iki toparyň hem esasy oýunçylary meýdançany terk etmeli boldy. PSŽ-niň hüjümçisi, «Altyn top» baýragynyň häzirki eýesi Usman Dembele oýny dowam etdirip bilmedi. «Barselonanyň» ýarymgoragçysy, dünýä we Ýewropa çempiony Dani Olmo hem şikes sebäpli çalşyldy. Bu duşuşyk onuň katalon toparynyň düzüminde geçiren 100-nji oýny boldy.
PSŽ Çempionlar ligasynyň ilkinji üç duşuşygynyň ählisinde ýeňiş gazanyp, dokuz utuk bilen ýaryş tertibiniň birinji basgançagynda ýerleşdi. Alty utugy bolan «Barselona» bolsa bäşinji orny eýeleýär.
Indiki tapgyrda PSŽ myhmançylykda Ispaniýanyň «Wilýarreal» topary bilen duşuşar. «Barselona» bolsa öz meýdançasynda Angliýanyň «Aston Willa» toparyny kabul eder. Iki duşuşyk hem 3-nji noýabrda geçiriler.
Oýun gününiň beýleki netijeleri: