Watançylyk terbiýesi — ýaşlara görelde mekdebi
Amul Info · · lebap

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Hormatly Prezidentimiziň watançylyk sargydy ýaşlar üçin nusgalyk ýörelgedir» atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa ýaşulular, mährem eneler, bilim işgärleri, talyplar hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýat baş bilim müdirliginiň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalaryň ýerli wekillikleriniň bilelikde guramagynda «Hormatly Prezidentimiziň watançylyk sargydy ýaşlar üçin nusgalyk ýörelgedir» atly okuw maslahaty geçirildi.
Maslahata welaýatymyzyň il sylagly ýaşululary, mährem eneleri, bilim işgärleri, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olarda milli gymmatlyklara hormat goýmak duýgusyny ösdürmek hem-de ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny berkitmek bilen bagly meselelere üns berildi.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we ýaş nesliň kämil bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikler barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy, saýlan hünärlerini ele almagy, sport we çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleriň döredilýändigi aýratyn bellenildi.
Çärä gatnaşyjylar ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginde maşgala terbiýesiniň, bilim edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň özara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle duşuşyklaryň ýaş nesliň milli ruhy gymmatlyklara ygrarly, giň dünýägaraýyşly we zähmetsöýer şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam berýändigi bellenildi.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.