Türkmen medeniýet we sungat işgärleri Gazagystanyň «Dostyk» ordeni bilen sylaglandy
Amul Info ·

Türkmen medeniýet we sungat wekilleri Batyr Çaryýew hem-de Parahat Amandurdyýew Gazagystanyň «Dostyk» ordeniniň II derejesi bilen sylaglandy. Sylaglar 29-njy oktýabrda Astanada iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşantlary üçin…
Gazagystanyň wise-prezidenti Erlan Karin türkmen medeniýet we sungat wekilleri Batyr Çaryýewi hem-de Parahat Amandurdyýewi «Dostyk» ordeniniň II derejesi bilen sylaglady. Bu barada Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Sylag gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Astana şäherinde geçirildi. Ordenler iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara düşünişmegi we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşantlary üçin gowşuryldy.
Batyr Çaryýew Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni dialogy ösdürmekde we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp baran işjeňligi üçin sylaga mynasyp boldy. Parahat Amandurdyýew bolsa umumy medeni-ynsanperwer mirasy giňden wagyz etmekde we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde goşan goşandy üçin «Dostyk» ordeni bilen sylaglandy.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň hem-de ýaranlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridigi, bilelikdäki döredijilik taslamalarynyň we yzygiderli medeni alyş-çalyşlaryň iki halkyň arasyndaky dostlugy has-da berkitmäge ýardam edýändigi nygtaldy.