Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Amul Info ·

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda gol çeken Permanlaryna laýyklykda, Nazar Agahanow başga işe geçmegi sebäpli söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy. Dörtguly Süleýmanow bolsa bu wezipä bellenilip, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň…
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Nazar Halnazarowiç Agahanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji noýabry.
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Dörtguly Gurbangulyýewiç Süleýmanowy, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine belläp, ony “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji noýabry.