Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy

Turkmenistan RSS Feed ·

Ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmaga çagyrandygy, şeýle hem myhmansöýerligi we bu halkara çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin Onuň Alyhezreti, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti jenap Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirýärin.

Hormatly Başlyk! Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmaga çagyrandygy, şeýle hem myhmansöýerligi we bu halkara çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin Onuň Alyhezreti, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti jenap Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirýärin.

Biz bu maslahata howanyň üýtgemeginiň soraglary boýunça özara düşünişmegi berkitmek, howa baradaky ählumumy dialogy dünýä ösüşinde hereketlendiriji güýje öwürmek işinde möhüm çäre hökmünde garaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň howa babatdaky strategiýasy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan we Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup durýandygyny bellemek isleýärin. Munuň özi parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem ol häzirki döwrüň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga degişli anyk çäreler bilen berkidilýär.

Ählumumy metan borçnamasyny durmuşa geçirmek wajyp ugur bolup durýar. Bu işde milli energetika üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň ýitgisini azaltmak, zyňyndylara gözegçiligi kämilleşdirmek boýunça çäreler toplumy amala aşyrylýar. Türkmenistan howanyň ýagdaýy baradaky hasabatlylygy we aýdyňlygy kämilleşdirmäge uly üns berýär. Biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegi baradaky Dördünji milli habarnamany taýýarlady hem-de Türkmenistanyň Milli derejede goşandyny kesgitleýän nobatdaky üçünji täzelenen habarnama boýunça işleri tamamlady.

Biz howa gün tertibi babatda milli tagallalara sebit hyzmatdaşlygynyň düzüm bölegi hökmünde esasly seredýäris. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady, durmuş, ekologiýa, tebigaty goramak, suw-energetika we beýleki ugurlardaky ösüşi özara baglanyşyklydyr. Bu şertlerde toplumlaýyn çemeleşmek sebitiň ýurtlaryna bar bolan soraglary netijeli çözmek üçin özara bähbitleri hasaba almaga mümkinçilik berer diýip pikir edýäris.

Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bu ugurda möhüm üstünlikleriň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu merkezi döretmek başlangyjyny Türkmenistan öňe sürdi we sebitiň döwletleriniň hem-de halkara hyzmatdaşlaryň goldawyny gazandy. Biz Türkmenistanyň başlangyjyna netijeli, jogapkärçilikli garandyklary, ony goldandyklary hem-de amala aşyrmaga gatnaşandyklary üçin ähli gyzyklanma bildiren taraplara minnetdardyrys. Şu maslahatyň münberinden Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň 2027-nji ýylyň başynda Aşgabatda öz işine başlaýandygyny habar bermek isleýärin. Bu iş ylalaşylan guramaçylyk-hukuk gurallaryna we halkara standartlara laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki halkara düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda durmuşa geçiriler.

Çölleşme Merkezi Aziýa üçin düýpli mesele bolup durýar. Bu babatda hem Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň gatnaşmagynda we goldamagynda toplumlaýyn hem-de bilelikdäki işleriň wajypdygyny belleýär. Biz bu işiň netijeli usulyny-da gönüden-göni Merkezi Aziýanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň zerur gurallaryny döretmek arkaly tapyp bileris diýip hasap edýäris. Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjy şuny göz öňünde tutýar. Bu başlangyjy iş ýüzünde öňe sürmek maksady bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça konwensiýasynyň Sekretariaty hem-de gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary dowam etdirer.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara durnukly ösüş gün tertibine goşan möhüm goşandy boldy. Maslahatyň dowamynda ozal BMG tarapyndan makullanan, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyna resmi taýdan badalga berildi. Resminamada döwletleriň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, uýgunlaşma usullaryny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle hem onda häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, halkara maliýe serişdelerine elýeterliligi giňeltmäge uly orun berilýär.

Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparyna başlyklyk edýän döwlet hökmünde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň howa bilen bagly bölegini netijeli durmuşa geçirmegi üpjün etmegi möhüm diýip hasaplaýar. Şu maksat bilen, häzirki maslahatyň çäklerinde «Awazadan Antalýa çenli: howa bilen bagly hereketleri ilerletmek we Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek» atly mowzuklaýyn sessiýany geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkara tagallalary howa bilen bagly meseleleri çözmek işinde jemlemäge möhüm ähmiýet berlip, howa meselesinde halkara hyzmatdaşlyga täze itergi bermekden ugur alnyp, Türkmenistan tarapyndan şu başlangyçlar teklip edilýär:

Birinjiden, 2028 — 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek mümkinçiligine seretmek. Bu başlangyç dünýä bileleşiginiň ünsüni döwletleriň howa bilen bagly durnuklylygyny ýokarlandyrmak we serişdeleri ýurtlara hem-de sebitlere gönükdirmek boýunça anyk wezipeleri çözmek üçin jemlemäge mümkinçilik berer.

Ikinjiden, gatnaşygyň täze inklýuziw görnüşini — howa gün tertibiniň soraglary boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin açyk halkara platforma hökmünde Howa boýunça Aşgabat dialogyny döretmek. Gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda Howa boýunça Aşgabat dialogynyň çäklerinde biz Aşgabatda 2027-nji ýylda birinji halkara duşuşygy geçirmegi teklip edýäris.

Üçünjiden, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä meteorologiýa guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Ählumumy ykdysady gaznasy hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamagy teklip edýär. Bu başlangyjyň esasy maksady howanyň üýtgemegine yzygiderli gözegçilik etmek, onuň ýaramaz netijelerine baha bermek, oňa uýgunlaşmagyň has netijeli çärelerini kesgitlemek üçin toplumlaýyn maglumat-seljeriş usulyny döretmekden ybaratdyr.

Dördünjiden, Türkmenistan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze görnüşini — ösüp barýan döwletleriň ekologiýa taýdan arassa, döwrebap tehnologiýalara, innowasion çözgütlere we howa bilen bagly maliýeleşdirmä elýeterliligini giňeltmäge gönükdirilen Howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmegi teklip edýär.

Bäşinjiden, daşky gurşawy goramagyň halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edýär. Bu resminama daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi gorap saklamak we tebigy serişdeleri durnukly peýdalanmak babatda hereket edýän halkara düzgünleri, kadalary hem-de standartlary tertipleşdirmäge ýardam berer diýip hasap edýäris.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Pariž ylalaşygynyň we howa boýunça ählumumy forumlarda gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde geljekde hem öz üstüne alan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerjekdigini bellemek isleýärin. Biz ähli gyzyklanma bildirýän döwletler hem-de halkara guramalar bilen anyk we netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Siziň ähliňize uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Antalýa şäheri, 2026-njy ýylyň 11-nji noýabry)

Источник: Turkmenistan RSS Feed