Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
tdh.gov.tm ·
Şu gün paýtagtymyzda GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu iri halkara çäre Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha bermek, geljekki bilelikdäki meýilnamalary kesgitlemek hem-de dostluk köprülerini has-da berkitmek ugrunda möhüm ädim boldy. Mejlisde GDA giňişliginde medeni gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary we hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.