Türkmenistanyň U-15 ýygyndysy Azerbaýjanda FIFA-nyň futbol festiwalynda iki ýeňiş gazandy

Amul Info ·

Türkmenistanyň U-15 ýygyndysy Azerbaýjanda FIFA-nyň futbol festiwalynda iki ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli futbolçylardan düzülen ýygyndysy Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň U-15 futbol festiwalynda iki ýeňiş gazandy. Türkmen ýaşlary Gonkongy 2:1, Kuk adalarynyň toparyny bolsa 3:1 hasabynda utdy.

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli futbolçylardan düzülen milli ýygyndysy Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň U-15 dünýä çempionatynda we futbol festiwalynda iki duşuşykda ýeňiş gazandy.

Türkmen ýaş futbolçylary Gonkongyň ýygyndysyny 2:1, Kuk adalarynyň toparyny bolsa 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Şeýle-de bolsa, L toparçasynda Italiýanyň ýygyndysyndan 1:5, Kataryň toparyndan bolsa 0:4 hasabynda asgyn geldiler.

Dört duşuşygyň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndysy alty utuk toplap, toparçada üçünji orny eýeleýär. Toparyň iň netijeli oýunçysy Artýom Çernow bolup, ol üç gol geçirdi. Guwan­ç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow bolsa hersi bir gol bilen tapawutlandy.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň deslapky tapgyrdaky soňky duşuşygy 26-njy oktýabrda Beniniň toparyna garşy geçiriler. Aşgabat wagty bilen sagat 20:30-da başlanmagyna garaşylýan bu oýun toparyň indiki tapgyrdaky mümkinçiliklerini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Ýaryşa gatnaşmak üçin Azerbaýjana 14 futbolçy ugradyldy. Topara baş tälimçi Aziz Kambarow ýolbaşçylyk edýär, oňa tälimçi Dawid Sarkisow ýardam berýär. Milli ýygyndynyň kapitany Şamyrat Namraýewdir.

FIFA-nyň U-15 futbol festiwalynda duşuşyklar kiçi ölçegli meýdançada 8×8 görnüşinde geçirilýär. Her oýun iki ýarymdan ybarat bolup, ýarymlaryň her biri 20 minut dowam edýär.

Deslapky tapgyrda toparlar toparçalara bölünýär. Olaryň görkezen netijelerine görä, ýygyndylar pleý-off tapgyrynyň degişli diwizionlarynda çykyş edýärler. Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, her ýygyndy jemi 10 duşuşyk geçirer.

Bu ýaryş ýaş futbolçylara halkara tejribesini toplamak, dürli ýurtlaryň deň-duşlary bilen güýç synanyşmak we öz başarnyklaryny görkezmek üçin mümkinçilik döredýär.

Источник: Amul Info