«Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka geçiriler
Turkmenistan RSS Feed ·
Bütindünýä çagalar gününiň öňüsyrasynda, 20-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka geçiriler.
Ynsanperwerlik we mätäji goldamak ýaly belent ýörelgelere eýermegi maksat edinýän bu çäre ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga, olarda haýyr-sahawatlylyk we ynsanperwerlik häsiýetlerini ösdürmäge, şeýle hem ýaş nesliň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine öz mynasyp goşandyny goşmagyna gönükdirilendir.
Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň her biri öz hünär ugurlaryna laýyklykda sergi bölümlerini ýaýbaňlandyrar. Olarda talyplaryň döredijilik başarnyklaryny, hünär taýýarlygyny we zehinini açyp görkezýän işler, milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän önümler görkeziler.
«Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarkanyň geçirilmegi eýýäm asylly däbe öwrüldi. Geçen ýyl hem şu at bilen geçirilen çäre 22-nji aprelde Bütindünýä Ýer güni mynasybetli guralypdy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mugallymlary, jemgyýetçilik wekilleri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Şonda ýokary okuw mekdepleri öz ugurlaryna degişli sergi bölümlerini görkezip, milli öwüşginli bezegleri, el işlerini, dürli sowgatlyklary we naz-nygmatlary myhmanlara hödürlediler. Çäräniň dowamynda toplanan serişdeler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirildi.
Şu ýylky sergi-ýarmarka hem ýaşlaryň kalbynda ýagşylyk, ynsanperwerlik we raýdaşlyk duýgularyny has-da pugtalandyrmaga, haýyrly başlangyçlaryň ähmiýetini giňden wagyz etmäge hem-de mätäç çagalara goldaw bermek ýaly sogaply işe ýaşlary işjeň çekmäge ýardam berer.
«Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka 2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda, sagat 15:00-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriler.