Türkmenistan bilen Ýaponiýa wodorod energetikasy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär
Amul Info ·

2026-njy ýylyň 14–16-njy oktýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Sukuba uniwersiteti, Ýaponiýanyň energetika edaralary we «Chiyoda» korporasiýasy bilen duşuşyklar geçirildi.
2026-njy ýylyň 14–16-njy oktýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň esasy maksady iki ýurduň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek we wodorod energetikasy ulgamyndaky özara gatnaşyklary giňeltmek boldy.
Saparyň dowamynda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Keýsuke Nagata bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda bilelikdäki ylmy-barlag işlerini ýola goýmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we tebigy gazdan wodorod öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny ösdürmek meselelerine garaldy.
Taraplaryň hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sukuba uniwersitetiniň arasynda 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda ösdürilýär. Resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň öňüsyrasynda baglaşylypdy.
15-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň (METI) Tebigy serişdeler we energetika agentliginiň hem-de Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek guramasynyň (NEDO) wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary «Chiyoda» korporasiýasynyň Kiyasu Research Park ylmy-barlag merkezine baryp gördüler.
Mundan başga-da, wekiliýet Sukuba uniwersitetiniň Wodorod baglanyşyklaryny öwreniş merkezi (HBRC) we TIAR ylmy-barlag institutynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdy. Bu duşuşyklar we saparlar wodorod energetikasy boýunça ylmy tejribe alyşmak hem-de täze tehnologiýalary öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.
Hünärmenleri taýýarlamak meselesi hem saparyň esasy ugurlarynyň biri boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üç mugallymy Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) goldawy bilen amala aşyrylýan «SDGs Global Leader» maksatnamasynyň çäklerinde Sukuba uniwersitetinde hünär derejesini ýokarlandyrýar.
Saparyň netijeleri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Hususan-da, tebigy gazdan wodorod öndürmek, bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek we bu ugurda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär.