Türkiýäniň Hajettepe uniwersiteti Türkmenistanyň Prezidentine hormatly doktorlyk derejesini berdi

Amul Info ·

Türkiýäniň Hajettepe uniwersiteti Türkmenistanyň Prezidentine hormatly doktorlyk derejesini berdi

Türkiýäniň Ankara şäherindäki Hajettepe uniwersiteti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Halkara gatnaşyklar» ugry boýunça hormatly doktorlyk derejesini berdi. 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen dabarada iki ýurduň arasynda ylym, bilim we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky…

2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Hajettepe uniwersitetiniň «Halkara gatnaşyklar» ugry boýunça hormatly doktorlyk derejesiniň gowşurylyş dabarasy geçirildi .

Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna bu hormatly akademiki dereje Türkiýä amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde berildi.

Dabara Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, uniwersitetiň ýolbaşçylary, akademiki jemgyýetçiligiň wekilleri we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, şeýle hem ylym, bilim, tehnologiýa we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz çykyşynda türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diňe bir umumy taryhy, dili we medeniýeti bilen çäklenmän, eýsem, ylmy we akademiki gatnaşyklary hem öz içine almalydygyny nygtady. Şeýle-de ol türki dünýäsiniň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, bilelikdäki ylmy barlaglary ösdürmegiň we ýokary bilim ulgamyndaky gatnaşyklary berkitmegiň wajypdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ankara şäherine saparynyň çäklerinde Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyk hem geçirildi.

Hajettepe uniwersitetiniň hormatly doktorlyk derejesiniň gowşurylmagy Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ylym we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm waka boldy.

Hajettepe uniwersiteti Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň biridir.

Источник: Amul Info