«Hazar Logistik» ABŞ-nyň wekilleri bilen ulag hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Amul Info ·

«Hazar Logistik» ABŞ-nyň wekilleri bilen ulag hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Aşgabatda «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetiniň wekilleri bilen ABŞ-nyň wekilleriniň arasynda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna bagyşlanan işewürlik duşuşygy geçirildi. Taraplar Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän täze ulag-logistika ugurlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň…

Aşgabatda «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetiniň wekilleri bilen ABŞ-nyň wekilleriniň arasynda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça işewürlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk kompaniýanyň Aşgabatdaky ofisinde geçirilip, oňa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekilleri Aaron Hýu Lewi-Forsaýt we Jeýms Rabe gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri kompaniýanyň alyp barýan işleri, halkara logistika infrastrukturasyna gatnaşmagy hem-de awtomobil, demir ýol, deňiz, howa we multimodal ýük daşamalary boýunça hödürleýän mümkinçilikleri barada maglumat berdiler .

Taraplar Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşişiniň we ýurduň ulag-logistika mümkinçilikleriniň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda täze we netijeli ulag zynjyrlaryny kemala getirmek üçin döredýän şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Hazaryň üsti bilen geçýän ulag geçelgelerini ösdürmek, Aziýa ýurtlaryny Merkezi Aziýa, Türkmenistan, Hazar deňzi we Kawkaz arkaly Türkiýe, Ýakyn Gündogar hem-de Ýewropa bazarlary bilen baglanyşdyrýan halkara ugurlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşykda täze logistika ugurlaryny döretmek, döwrebap tehnologiýalary ulag ulgamyna ornaşdyrmak, halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek we ulag-logistika pudagynda geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça pikir alşyldy.

Geçirilen duşuşyk halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, logistika hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek we uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek babatda möhüm pikir alyşma meýdançalarynyň biri boldy.

Источник: Amul Info