Keniýanyň paýtagty Naýrobide gurulýan köp gatly bina ýykyldy

Amul Info ·

Keniýanyň paýtagty Naýrobide gurulýan köp gatly bina ýykyldy

Keniýanyň paýtagty Naýrobiniň Istli etrabynda gurluşygy dowam edýän köp gatly bina ýykyldy. Wakanyň bolan ýerinde gözleg-halas ediş işleri alnyp barylýar, häzirlikçe bir adamyň halas edilendigi habar berilýär.

Keniýanyň paýtagty Naýrobide gurluşygy dowam edýän köp gatly bina ýykyldy. Desganyň harabalyklarynyň aşagynda 100-e golaý adamyň galan bolmagy mümkin. Bu barada «Arab News» neşirine salgylanýan «Belta.by» habar berýär.

Waka Naýrobiniň ilaty gür ýerleşen, işewürlik we ýaşaýyş jaýlary bilen tanalýan Istli etrabynda bolup geçdi.

Häzirki wagtda wakanyň bolan ýerinde gözleg-halas ediş işleri alnyp barylýar. Binanyň iki sany beýik desganyň arasynda ýerleşmegi halas edijileriň harabalyklaryň arasyna barmagyny kynlaşdyrýar.

Ýerli polisiýanyň maglumatyna görä, häzire çenli bir adam halas edildi. Harabalyklaryň aşagynda galan bolmagy mümkin adamlary gözlemek we olara kömek bermek boýunça işler dowam edýär.

Binanyň ýykylyşynyň sebäpleri we wakada ejir çekenleriň sany barada häzirlikçe goşmaça maglumat berilmedi.

Источник: Amul Info