Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz – Gazagystan bölegi açyldy
Amul Info · · balkan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegini sanly ulgam arkaly açdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparynyň dowamynda Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz – Gazagystan böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Açylyş dabarasy sanly ulgam arkaly geçirildi. Bu ýol Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegidir. Ýoluň ýer düşeginiň ini 27,5 metre deň bolup, gatnaw bölegi her biriniň ini 9 metr bolan iki ugurdan ybaratdyr.
Howpsuzlygy we amatlylygy üpjün etmek üçin 3,5 metr bölüji zolak hem-de her tarapynda ini 3 metr bolan ýol gyralary göz öňünde tutulypdyr. Ýoluň gurluşygy halkara standartlaryna laýyklykda ýerine ýetirildi.