Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä iş sapary tamamlandy

Amul Info ·

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä iş sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary tamamlandy. Döwlet Baştutany Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitine gatnaşdy we birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirdi. Saparyň dowamynda oňa Hajettepe uniwersitetiniň…

Habarlarda öň hem bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolup, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşdy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýokary derejedäki birnäçe duşuşygy hem geçirdi .

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, iş saparynyň maksatnamasyny tamamlan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ankara şäherindäki «Etimesgut» howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soň döwlet Baştutanynyň uçary Aşgabat halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde resmi adamlar Prezident Serdar Berdimuhamedowy mähirli garşylap, Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň üstünlikli tamamlanmagy, şeýle hem Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmagy bilen gutladylar.

Şeýle-de döwlet Baştutanyna Hajettepe uniwersiteti tarapyndan «Halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor» derejesiniň berilmegi we Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlaglar aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti bildirilen gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmagy türki dünýäsinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we doganlyk halklaryň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge ýurduň ygrarlydygyny görkezdi.

Источник: Amul Info