Dmitriý Şostakowiçiň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi
Turkmenistan RSS Feed · · asgabat, ashgabat

Aşgabat şäherindäki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda XX asyryň görnükli kompozitory Dmitriý Şostakowiçiň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Ol gabaw astyndaky Leningradda ýaňlanan we şondan soň «Leningrad simfoniýasy» diýlip atlandyrylan ýedinji simfoniýanyň awtorydyr. Modernizm we neoklassisizm äheňlerinde döredilen Dmitriý Şostakowiçiň saz eserleri dünýä saz sungatynyň genji-hazynasyny baýlaşdyrdy.
Konserti halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Enejan Nuryýewa «Gögeýin» kinofilminden «Noktýurn» eseri bilen açdy. Fleýta saz guralyny ýerine ýetiriji Emir Baýramgeldiýew bolsa «Noktýurnyň» döreden çynlakaý saz äheňini Şostakowiçiň üç sany gysga eseri – «Liriki wals», «Şarmanka» we «Degişme-wals» bilen üýtgetdi.
Zalda oturan tomaşaçylaryň keýpi has-da göterildi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewa «Garşylaşyk hakyndaky aýdymdan» «Bizi säher salkynlygy bilen garşy alýar» diýen ilkinji setirleri aýdyp başlanyndan, tomaşaçylar uly şatlyk bilen kabul etdiler. Bu eser köp sanly diňleýjileriň uzakdaky, ajaýyp çagalyk ýyllaryny ýadyna saldy. Joşgunly, marş äheňli, şol bir wagtyň özünde-de liriki häsiýetli bu saz özüniň ruhlandyryjy häsiýeti bilen ýaş diňleýjileriň hem göwnünden turdy.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow we ýaş pianinoçy Amannazar Arslanow Dmitriý Şostakowiçiň iň meşhur eserleriniň biri bolan fortepiano we orkestr üçin ikinji konsertini ýerine ýetirdiler.
Soňra ýene-de çynlakaý akademiki saz kompozitoryň degişme häsiýetli eserlerine orun berdi. Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewanyň ýerine ýetirmeginde «Satiralar» toplumyndan Saşa Çýornynyň sözlerine ýazylan iki aýdym ýaňlanyp, tomaşaçylaryň şatlygyny artdyrdy.
Mundan soň ýene-de çynlakaý saz eserleri ýaňlandy. Şu ýylky Delfiý oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Seýran Atanyýazow hem-de Jemal Tahyrowa iki skripkadan ybarat bolan duetde çykyş etdiler. Olar Dmitriý Şostakowiçiň bäş sany eserini – «Prelýudiýa», «Gawot», «Elegiýa», «Wals» we «Polka» eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Konsertiň çynlakaý we degişme äheňlerini utgaşdyran maksatnamasyny bolsa Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky konserwatoriýanyň kirişli orkestri jemledi. Sazandalar öz liriki öwüşgini bilen özüne çekýän «2-nji walsy» ýerine ýetirdiler. Bu eser köplenç «Rus walsy» diýlip hem atlandyrylýar.
Dmitriý Şostakowiçiň döredijiliginiň dürli ugurlaryny öz içine alýan şeýle döredijilikli we gyzykly maksatnamany konserwatoriýanyň kamera ansambly kafedrasy taýýarlady. Konsertiň konsertmeýsteri halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Faramazowa boldy.