Dubaýda dünýäde ilkinji altyn pyýada ýodasy açylar

Amul Info · · g292223

Dubaýda dünýäde ilkinji altyn pyýada ýodasy açylar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 2026-njy ýylyň ahyryna çenli altyndan ýasalan ilkinji pyýada ýodasyny açmak meýilleşdirilýär. Täze taslama Dubai Gold District söwda merkeziniň syýahatçylyk özüne çekijiligini artdyrmaga we şäheriň altyn söwdasyndaky halkara ornuny berkitmäge…

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki Dubai Gold District söwda merkezinde 2026-njy ýylyň ahyryna çenli altyndan ýasalan ilkinji pyýada ýodasyny açmak meýilleşdirilýär. Taslama durmuşa geçirilse, bu desga diňe bir Dubaýda däl, eýsem, dünýäde hem ilkinji şeýle gurluş we iň uzyn altyn pyýada ýodasy bolar .

Dubai Gold District-iň täjirçilik bölüminiň uly direktory Raşid Al-Hamudiniň habar bermegine görä, täze desganyň ýakyn iki aýyň dowamynda açylmagyna garaşylýar. Taslamanyň esasy maksady söwda merkeziniň syýahatçylar üçin özüne çekijiligini artdyrmakdan hem-de Dubaýyň dünýäniň esasy altyn söwda merkezleriniň biri hökmündäki ornuny berkitmekden ybaratdyr.

Täze pyýada ýodasy ýerli ýaşaýjylara we daşary ýurtly myhmanlara altyn bilen bezelen özboluşly ugur boýunça gezelenç etmäge mümkinçilik berer. Bu başlangyç şäheriň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňeltmek bilen birlikde, altyn we şaý-sep söwdasyna bolan halkara gyzyklanmany hem artdyrmagy maksat edinýär.

Mundan başga-da, Dubai Gold District-de altyn we şaý-sep söwdasyna bagyşlanan iri sergi toplumyny döretmek meýilleşdirilýär. Taslama amala aşyrylsa, ol Ýakyn Gündogardaky bu ugur boýunça iň uly sergi meýdançalarynyň birine öwrüler.

Häzirki wagtda söwda merkezinde altyn we şaý-sep önümçiligi hem-de söwdasy bilen meşgullanýan kompaniýalaryň artýan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen infrastruktura giňeldilýär. Täze kärhanalar üçin goşmaça ofis we söwda meýdançalaryny döretmek hem göz öňünde tutulýar.

Raşid Al-Hamudiniň çaklamasyna görä, geljek ýylyň dowamynda öz işini Dubai Gold District-e geçirýän kompaniýalaryň sany 10–20 göterim aralygynda artar.

Bu taslamalar Dubaýyň halkara syýahatçylyk merkezleriniň biri hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga we altyn hem-de şaý-sep söwdasy boýunça dünýä bazaryndaky ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Источник: Amul Info