Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Turkmenistan RSS Feed ·
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, halkara çärelere gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Masud Pezeşkian türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini belledi hem-de bu çäreleriň döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigini aýtdy. Şeýle hem dostlukly ýurduň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýändigini aýdyp, Prezident Masud Pezeşkianyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi hem-de mejlisiň döwletara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem halkara we sebit gün tertibi boýunça pikir alyşmak üçin mümkinçilik döredendigini aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmagynyň onuň Hazarýaka sebitde daşky gurşawy, biodürlüligi goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meselelere berýän goldawynyň görkezijisidigini aýdyp, bu forumyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, ekologiýa ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamakda möhüm binýat bolandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Prezident Masud Pezeşkianyň ýurdumyza saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Eýran ýurdumyzyň ýakyn goňşusy, dosty we hyzmatdaşydyr. Türkmen we eýran halklary uzak döwürleriň dowamynda hoşniýetli gatnaşyklary saklap gelýärler. Halklarymyzy taryhy, ruhy we medeni umumylyklar birleşdirýär. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.
Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan esasy ýurtlaryň biri bolup durýar. Ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli we özara bähbitli gatnaşyklar alnyp barylýar. Soňky ýyllaryň görkezijileri bu gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly şertler bar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda ýurdumyzyň tagallalary birleşdirmäge we anyk işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian iki ýurduň köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege we iki dostlukly ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.