Ýokary hilli ekiş — bol hasylyň girewi
Turkmenistan RSS Feed ·
Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde ýylyň-ýylyna esasy azyklyk ekininiň — bugdaýyň bol hasyly kemala getirilýär. Ýerden önjeýli hasyl almaklygyň gadymyýetden gelýän kadalarynyň ekerançylygyň häzirkizaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylmagy, gallaçy daýhanlaryň toplan baý tejribesi, döwletimiz tarapyndan oba hojalykçylara ählitaraplaýyn ýardamlaryň berilmegi her ýyl ýerden alynýan hasylyň möçberini artdyrmaklyga mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär.
Ene toprakdan bol hasyl almaklyk ilkinji nobatda ýokary hilli ekiş hem-de endigan gögeriş almak bilen baglanyşykly bolup durýar. Şu ýörelgeden ugur alýan Lebap welaýatynyň gallaçy kärendeçileri geljek ýylyň hasyly üçin 2026-njy ̶ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda örän jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişine ykjam taýýarlykly geldiler hem-de häzirki wagtda bugdaý ekmek işini guramaçylykly, ýokary depginde alyp barýarlar. Sebit boýunça şu möwsümde 130 müň gektar ýere tohum sepmek meýilleşdirilip, häzirki wagta çenli 100 müň gektara golaý ýerde ekiş geçirilipdir. Welaýatda her günde 2 müň 400 gektara golaý meýdanda ekiş geçirilýändiginden çen tutanyňda lebaply gallaçylaryň ýakyn wagtlarda bugdaý ekişini üstünlikli tamamlajakdyklaryna göz ýetirmek bolýar.
Ekiş möwsüminde ýokary öndürijilikli kuwwatly tehnikalaryň, kämil ekijileriň bökdençsiz işledilmegi, hünärmenler tarapyndan ekişiň hil derejesiniň gözegçilikde saklanylmagy, wagtdan tygşytly peýdalanylmagy ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmeklige mümkinçilik berýär. Welaýat boýunça bugdaý ekişiniň Halaç, Çärjew, Darganata etraplarynda has-da ýokary depginde alnyp barylýandygyny bellemek bolar. Bu hojalyklarda bugdaý ekmekligiň meýilnamasy şu döwre çenli degişlilikde 90, 84 we 77 göterime golaý ýerine ýetirilipdir. Şu möwsümde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaýyň «Bagtyýarlyk», «Sähraýy», «Berkarar», «Alekseýiç», «Bezostyý – 100», «Batko» ýaly synagdan geçen, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşleriniň ekilmegi, häzirki wagtda ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögerişiň gazanylmagy, gallaçy daýhanlaryň tutanýerli zähmeti welaýatda öňümizdäki ýylda möhüm azyklyk ekininiň önjeýli hasylynyň alynjakdygyna berk ynam döredýär.