Türkmen lukmançylyk uniwersitetiniň ýaş alymlary Minskide geçirilen halkara ylmy forumda çykyş etdiler
Amul Info ·

Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýaş alymlary Minskide geçirilen «Ylymda ýaşlar – 2026» halkara ylmy forumynda çykyş etdiler. Olar emeli aňyň lukmançylyk bilimi we bejeriş tejribesinde ulanylyşy, şeýle hem häzirki zaman ylmy barlaglaryň netijeleri barada…
Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýaş alymlary Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen «Ylymda ýaşlar – 2026» atly halkara ylmy foruma gatnaşdylar.
Belarusyň Milli ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýaş alymlara özleriniň innowasion ylmy işlerini, barlaglarynyň netijelerini we gazanan üstünliklerini halkara derejesinde tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Forumyň dowamynda türkmen ýaş alymlarynyň lukmançylygyň möhüm ugurlaryna bagyşlanan çykyşlary gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Hususan-da, çykyşlarda emeli aňyň lukmançylyk bilimi we bejeriş tejribesinde ulanylyşy, şeýle hem uniwersitetde alnyp barylýan häzirki zaman ylmy barlaglaryň netijeleri barada gürrüň edildi.
Minskide geçirilen halkara duşuşyk ýaş alymlaryň tejribe alyşmagy, ylmy işleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy üçin netijeli meýdança boldy. Şeýle hem forum ylmy-bilim ulgamyndaky gatnaşyklary berkitmäge we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etdi.