«Gorkut Ata» kinofestiwalynda türkmen filmi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy
Amul Info ·

Türkmenistanyň «Gürgenç gözeli Törebeg» filmi Stambulda geçirilen VI «Gorkut Ata» halkara kinofestiwalynda TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy. Festiwalda türkmen kinematografiýasyna jemi üç film bilen wekilçilik edildi. Bu baýrak milli kino sungatynyň halkara derejesindäki nobatdaky…
Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen türki dünýäsiniň VI «Gorkut Ata» halkara kinofestiwaly öz işini tamamlady. Halkara çäräniň jemleýji dabarasynda Türkmenistanyň «Gürgenç gözeli Törebeg» atly filmi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragy bilen sylaglanyldy.
4-nji noýabrda badalga alan festiwal türki halklaryň kino sungatynyň wekillerini bir ýere jemledi. Onda türkmen kinematografiýasyna «Gürgenç gözeli Törebeg», «Ýeňişli ädimler» we «Küştdepdi» atly filmler bilen wekilçilik edildi.
Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň howandarlygynda Halkara Kino assosiasiýasy tarapyndan guralan festiwalyň ýapylyş we baýrak gowşurylyş dabarasy Atatürk medeniýet merkezinde geçirildi. Çärä Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý hem gatnaşdy.
Festiwalyň çäklerinde jemi 56 film tomaşaçylara görkezildi. Şolaryň 30-sy «Doly metražly film», «Dokumental film» we «Gysga metražly film» ugurlary boýunça bäsleşdi.
Bäsleşigiň netijelerine görä, Ensar Altaýyň režissýorlyk eden «Kanto» filmi festiwalyň baş baýragyna mynasyp boldy. Doly metražly filmleriň arasynda iň gowy režissýor baýragy «Tagiýew: Mekdep» filmi üçin Zaur Gasymla berildi.
«Ferzana Günbatara gidýär» filmindäki keşbi üçin Amina Salmanowa iň gowy aktrisa, «Farz» filmindäki keşbi üçin bolsa Matýokub Matçonow iň gowy aktýor baýraklaryna eýe boldy. «Otuz sekiz: Soňky nokat» filminiň ssenarisi üçin Nuržigit Haýdarowa iň gowy ssenariý baýragy gowşuryldy. Fantastika filmleri boýunça emin agzalarynyň ýörite baýragy «Ýusuf» filmine berildi.
Türkmenistanyň «Gürgenç gözeli Törebeg» filminiň TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp bolmagy milli kino sungatynyň halkara derejesinde gazanan üstünlikleriniň biri boldy.
Festiwala Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Onuň düzüminde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinorežissýorlary, aktýorlary, aktrisalary we beýleki medeniýet-sungat işgärleri wekilçilik etdiler.
VI «Gorkut Ata» halkara kinofestiwaly türki halklaryň umumy medeni mirasyny kino sungatynyň üsti bilen dünýä tanatmak, döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmek we tejribe alyşmak üçin möhüm halkara meýdança boldy.