Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Turkmenistan RSS Feed ·
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygymyň depginini güýçlendirmek, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýewe söz berildi. Häkim, ilki bilen, welaýatyň edermen daýhanlarynyň pagta öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna “ak altynyň” bol hasylyny tabşyrandyklary baradaky hoş habary ýetirdi we döredilýän ähli şertler, berilýän goldaw-hemaýatlar üçin welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra häkim welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda sebitde bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş hem-de ösüş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ideg etmek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda güýzlük ekilen ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ussat babadaýhanlarynyň Watan harmanyna pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri bilen welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny, oba hojalyk işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, olara täze rowaçlyklary arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýdyp, bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda-da degişli görkezmeler berildi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine, ýygnalan hasylyň kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilmegine aýratyn üns berilýär. Welaýatda bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek ugrunda degişli işler ýerine ýetirilip, ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Sebitde şaly hasylyny ýygnap almak işleri guramaçylykly dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almagy, güýzlük bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamagy, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen şaly hasylyny öz wagtynda ýygnap almak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen ak bazarlary üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almagy, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegi, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler dowam edýär. Möwsümde ulanylýan kombaýnlaryň, beýleki tehnikalaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Sebitde bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş, ösüş suwuny tutmak hem-de ideg etmek işleri berjaý edilýär. Ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak babatda taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almagyň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurdaky işleriň depginini güýçlendirmegi, olary berk gözegçilikde saklamagy, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, ekiş geçirilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, gögeriş, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Welaýatlarda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we wise-premýere ýurdumyz boýunça oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň wajyp ähmiýetini belläp, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işlerini berk gözegçilikde saklamagy, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk alyp barmagy, haşal otlara garşy göreş çärelerini wagtynda geçirmegi, gögeriş we birinji ösüş suwlaryny wagtynda tutup, kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz içerki bazarlarymyzy üpjün etmek üçin welaýatlarda ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini talabalaýyk ýygnap almagyň, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatlarda bugdaý, pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegi, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.