HYTAÝDA 4-NJI LIANGZHU FORUMY GEÇIRILDI: MEDENI MIRAS WE BÜTINDÜNÝÄ DIPLOMATIÝASYNYŇ TÄZE DÖWRI

yashlar.gov.tm ·

HYTAÝDA 4-NJI LIANGZHU FORUMY GEÇIRILDI: MEDENI MIRAS WE BÜTINDÜNÝÄ DIPLOMATIÝASYNYŇ TÄZE DÖWRI

18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Hangzhou şäherindäki «InterContinental Hangzhou Liangzhu» toplumynda halkara derejesindäki uly medeni-syýasy çäre – 4-nji Liangzhu Forumynyň açylyş dabarasy boldy hem-de esasy maslahaty geçirildi. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýokary derejedäki syýasatçylary, diplomatlary, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini we alymlary bir ýere jemlän bu forum häzirki zaman bütindünýä ösüşinde medeni mirasy gorap saklamagyň halkara hyzmatdaşlygy üçin uly strategik ähmiýete eýedigini ýene bir gezek bütin dünýä aýdyň görkezdi. Zhejiang welaýatynyň Halk Hökümetiniň Gubernatory hem-de Hytaý Kommunistik Partiýasynyň welaýat komitetiniň Sekretarynyň orunbasary Liu Jieniň ýolbaşçylygynda geçirilen forumyň açylyş dabarasynda Hytaýyň medeni diplomatiýasynyň we halkara parahatçylyk başlangyçlarynyň esasy ugurlary beýan edildi. Çärede Hytaý Halk Respublikasynyň degişli edaralarynyň wekilleri çykyş edip, Liangzhu medeniýetiniň Hytaý siwilizasiýasynyň bäş müň ýyllyk taryhyndaky ornuny we bu mirasyň bütindünýä möçberde tanyşdyrylyşynyň syýasy binýadyny beýan etdiler. Şeýle hem çärede çykyş eden medeniýet ulgamynyň wekilleri Günbatar we Gündogar siwilizasiýalarynyň arasyndaky taryhy-medeni köprüleri berkitmegiň we bütindünýä mirasyny goramakda halkara guramalaryň Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtadylar. Foruma dostlukly ýurtlaryň, şol sanda türkmen žurnalistiniň hem gatnaşmagy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky taryhy we medeni hyzmatdaşlygyň barha berkeýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Forum diňe bir syýasy we diplomatik çykyşlar hem-de gepleşikler bilen çäklenmän, eýsem, halkara hukugy we medeni hyzmatdaşlygy täze basgançaklara...

Источник: yashlar.gov.tm