Amul — Merw ýolunyň taryhy mirasy halkara ylmy maslahatda sylaglandy

Amul Info ·

Amul — Merw ýolunyň taryhy mirasy halkara ylmy maslahatda sylaglandy

🏛️ Amul — Merw ýolunyň taryhy mirasy halkara maslahatda sylaglandy Ýaş türkmen alymlary Atael, Arman we Sewginur Astanowlaryň Amul — Merw geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän taryhy ýadygärliklere bagyşlanan ylmy işi Pekinde geçirilen VIII halkara ylmy maslahatynda «Tapawutlanan ylmy iş» baýragyna…

Gadymy kerwenleriň Gündogar bilen Günbatary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm şahalarynyň biri bolan Amul — Merw geçelgesiniň taryhy-medeni mirasy häzirki wagtda hem ylmy taýdan giňden öwrenilýär.

Ýaş türkmen alymlary Atael, Arman we Sewginur Astanowlaryň Amul — Merw geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän taryhy ýadygärliklere bagyşlanan ylmy işi Hytaýyň Pekin şäherinde geçirilen Medeni mirasy sanlylaşdyrmak arkaly goramak boýunça VIII halkara ylmy maslahatynda «Tapawutlanan ylmy iş» baýragyna mynasyp boldy.

Bu üstünlik Türkmenistanyň gadymy taryhy we medeni mirasynyň häzirki zaman sanly tehnologiýalary arkaly öwrenilmegine hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýetirilmegine goşulan möhüm goşant hökmünde häsiýetlendirilýär.

Tsinghua uniwersitetinde geçirilen halkara maslahat dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan we sebitinden alymlary, ýaş gözlegçileri hem-de dürli ugurlaryň hünärmenlerini bir ýere jemledi. Çäräniň dowamynda medeni mirasy sanly usullar arkaly gorap saklamak, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp taryhy gymmatlyklary öwrenmek we olary geljekki nesillere ýetirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymy Atael Astanow maslahatda Amul — Merw geçelgesiniň ugrundaky taryhy ýadygärlikleri sanly görnüşde resminamalaşdyrmak boýunça geçirilen ylmy-barlaglaryň netijeleri bilen tanyşdyrdy.

Amul — Merw ýolunyň taryhy mirasynyň häzirki zaman tehnologiýalary arkaly öwrenilmegi gadymy ýoluň ugrunda ýerleşýän ýadygärlikleriň ylmy taýdan resminamalaşdyrylmagyna, öwrenilmegine we geljek nesiller üçin saklanyp galmagyna täze mümkinçilikleri açýar.

Источник: Amul Info