Türkmenistanly okuwçy «Beýik siwilizasiýa» halkara düzme bäsleşiginde baýrak aldy
Amul Info ·

Türkmenistanly okuwçy Selim Annaberdiýew Eýranyň Medeniýet we yslam gatnaşyklary guramasy tarapyndan geçirilen «Beýik siwilizasiýa» atly halkara düzme bäsleşiginde III orny eýeledi we 500 ABŞ dollary möçberinde pul baýragyna mynasyp boldy.
Türkmenistanly okuwçy Selim Annaberdiýew «Beýik siwilizasiýa» atly halkara düzme bäsleşiginde üçünji orna mynasyp bolup, 500 ABŞ dollary möçberinde pul baýragyny aldy.
25-nji sentýabrda Türkmenistanyň ýanyndaky Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeni merkezinde halkara düzme bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Pars dilini öwrenýän Selim Annaberdiýew Eýranyň taryhy we medeniýeti barada taýýarlan işi bilen bäsleşikde üçünji orny eýeledi.
Sylaglaýyş dabarasy Pars poeziýasynyň we edebiýatynyň gününe, şeýle hem görnükli şahyr Şahriýaryň hatyrasyna bagyşlandy. Çärä Medeni merkeziň okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar.
«Beýik siwilizasiýa» atly halkara düzme bäsleşigi Eýranyň Medeniýet we yslam gatnaşyklary guramasy tarapyndan geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylara Eýranyň taryhy, medeniýeti we siwilizasiýasy bilen baglanyşykly temalarda öz garaýyşlaryny we döredijilik başarnyklaryny beýan etmäge mümkinçilik berildi.
Selim Annaberdiýewe bäsleşigiň şahadatnamasy we pul baýragy Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň hem-de medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Abdolreza Abbasiniň gatnaşmagynda gowşuryldy.
Ýeňijini gutlap, Abdolreza Abbasi medeniýetiň halklary we döwletleri ýakynlaşdyrýan möhüm birleşdiriji güýç bolup durýandygyny belledi. Ol medeni ulgamdaky bilelikdäki taslamalaryň geljekde hem üstünlikli ösdürilmegine umyt bildirdi.
Selim Annaberdiýewiň halkara bäsleşikde baýrakly orna eýe bolmagy türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini we dünýä halklarynyň taryhyny-medeniýetini öwrenmäge bolan gyzyklanmasynyň netijeli mümkinçilikleriniň ýene bir mysaly boldy.