Energetika ulgamynda hünär taýýarlygynyň kämilleşdirilmegi

Turkmenistan RSS Feed ·

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Germaniýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa saklaýyş ulgamlary» atly okuw maslahaty geçirildi. Çäre Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa» (RECA) taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Okuw maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen german hyzmatdaşlarynyň arasynda energetika pudagynda tejribe alyşmagy ösdürmekden, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleriniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatdaky bilim derejesini we hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

Çäräniň dowamynda «Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa» (RECA) taslamasynyň esasy wezipelerine, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýany saklaýyş ulgamlary babatdaky mümkinçiliklerini ösdürmegiň ugurlaryna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Bu ugurlar boýunça Ýewropanyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa akademiýasynyň (RENAC) wekilleri we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) hünärmenleri giňişleýin çykyş etdiler.

Okuw maslahatynyň çäklerinde fotoelektrik gün stansiýalarynyň tehnologiýalary, energiýany saklaýyş ulgamlary, energetika ulgamynyň çeýeligi we durnuklylygy, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň dowamynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ), «Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa» (RECA) taslamasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň arasynda geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamalary we ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Institutyň mugallymlarynyň we hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, okuw maksatnamalaryny taýýarlamaga, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça okuw kitaplaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Источник: Turkmenistan RSS Feed