Aragatnaşyk ministrliginde milli we maşgala gymmatlyklaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

Amul Info ·

Aragatnaşyk ministrliginde milli we maşgala gymmatlyklaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde maslahat geçirildi. Onda zenanlaryň jemgyýetdäki orny, maşgala gymmatlyklaryny we milli däp-dessurlary gorap saklamak, ýaş nesli milli mirasa hormat goýmak ruhunda…

2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde «Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly maslahat geçirildi. Onda zenanlaryň jemgyýetdäki orny, maşgala gymmatlyklary we milli däp-dessurlary gorap saklamak meselelerine garaldy.

Maslahat Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa ministrligiň, şeýle hem oňa degişli edara-kärhanalaryň zenan işgärleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini wagyz etmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmak, milli mirasy, asyrlarboýy dowam edip gelýän däp-dessurlary gorap saklamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýaş nesli milli we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň, jemgyýetde zenanlaryň ornuny has-da dabaralandyrmagyň ähmiýeti bellenildi.

Источник: Amul Info