Gyrgyzystan 10 sany «Airbus» uçaryny satyn almagy meýilleşdirýär

Amul Info ·

Gyrgyzystan 10 sany «Airbus» uçaryny satyn almagy meýilleşdirýär

Gyrgyzystan raýat awiasiýasyny ösdürmek maksady bilen ýakyn ýyllarda 10 sany «Airbus» uçaryny satyn almagy göz öňünde tutýar. Olaryň ikisini satyn almak boýunça şertnama baglaşylyp, uçarlaryň 2027-nji ýylda ýurda getirilmegine garaşylýar. Geljek bäş ýylda ýene sekiz uçaryň satyn alynmagy…

Gyrgyzystan ýurtda howa ulaglarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen ýakyn ýyllarda 10 sany «Airbus» uçaryny satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyzystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri «Gyrgyzystanyň howa menzilleri» açyk paýdarlar jemgyýetine salgylanyp habar berýär.

Berlen maglumata görä, häzirki wagta çenli iki sany uçary satyn almak boýunça degişli şertnama eýýäm baglaşyldy. Bu uçarlaryň 2027-nji ýylda Gyrgyzystana getirilmegine garaşylýar.

Mundan başga-da, kompaniýa geljek bäş ýylyň dowamynda ýene-de sekiz sany uçary satyn almagy göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, meýilleşdirilýän satyn alyşlaryň netijesinde ýurduň awiaparkynyň 10 sany täze «Airbus» uçary bilen üstüniň ýetirilmegi maksat edinilýär.

Bu meýilnama Gyrgyzystanyň raýat awiasiýasyny ösdürmek we howa ulaglary ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alyp barýan işleriniň bir bölegi bolup durýar.

Источник: Amul Info