«FILOLOGIÝANYŇ MESELELERI» YLMY-USULY ELEKTRON ŽURNALYŇ TÄZE SANY NEŞIR EDILDI

Soňky täzelikler ·

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Filologiýanyň meseleleri» ylmy-usuly elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 3-nji sany ylmy jemgyýetçilige ýetirildi. Çärýekde bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän bu halkara derejeli elektron neşir diňe bir ýurdumyzyň dilçi hem-de pedagog alymlarynyň ylmy-amaly barlaglaryny özünde jemlemän, eýsem global akademik giňişlikde tejribe alyşmagyň netijeli meýdançasy hökmünde çykyş edýär. Žurnalyň sahypalaryndaky daşary ýurtly hünärmenleriň milli hünärmenler bilen bilelikde taýýarlan ylmy-usuly makalalary hyzmatdaşlygyň aýdyň miwesi hökmünde dabaralanýar. Neşiriň mazmunynda jemgyýeti öwreniş ylymlary, filologiýa, folklorşynaslyk, dilleri okatmagyň usulyýeti hem-de sanly bilim gurşawy boýunça wajyp ylmy meseleler gozgalýar. Makalalarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm sütünleriniň biri bolan ulag diplomatiýasynyň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny, Awaza syýasy Jarnamasy hem-de sebit we durnukly halkara integrasiýasyndaky strategik ähmiýeti ylmy esasda seljerilýär. Türkmenistanda iňlis dili mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga bagyşlanan «AELLCA INSETT» synag taslamasynyň pedagogik binýadyny, mugallymçylygyň üznüksiz hünär ösüşini (CPD) üpjün etmekdäki innowasion çemeleşmelerini hem-de milli bilim ulgamyna halkara ülňüleri ornaşdyrmagyň amaly netijelerini analitik taýdan açyp görkezýän makala hem ylmy täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Ynsanperwer barlaglar bölüminde bolsa türki halklaryň medeni mirasy bolan «Nejep oglan» halk dessanynyň türkmen, özbek we garagalpak nusgalarynyň tipologik meňzeşlikleri yzlanýa. Mundan başga-da, žurnalyň sahypalarynda sanly eýýamda diliň leksik-grammatik transformasiýasy, sanly bilim ulgamyna degişli adalgalaryň umumyhalky leksika bilen özara arabaglanyşygy, emeli aňyň we uýgunlaşdyrylan okadyş ulgamlarynyň daşary ýurt dillerinde diňläp düşünmek ukybyny ösdürmekdäki orny ýaly döwrebap ylmy barlaglar giňden beýan edilýär. Žurnalyň täze sanynyň iň esasy aýratynlyklarynyň biri hökmünde redaksion geňeşiniň düzüminiň halkara derejedäki professorlar we abraýly daşary ýurt bilim edaralarynyň wekilleri bilen giňeldilmegini görkezmek bolar. Daşary ýurtly awtorlaryň sanynyň artmagy we redaksion geňeşiň düzüminiň giňemegi «Filologiýanyň meseleleri» žurnalynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara akademiki we ylmy-usuly giňişlikde eýeleýän abraýly ornunyň barha berkeýändigini hem-de talyplara, aspirantlara we ylmy barlagçylara täze bilim giňişligini açýandygyny aýdyň subut edýär.

Источник: Soňky täzelikler