Türkmenistan Hazar sebitinde suw ýetmezçiligine garşy halkara dialoga gatnaşýar
Amul Info ·

Elistada geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatynda Türkmenistanyň hem-de ýene bäş ýurduň alymlary suw ýetmezçiligi, çölleşme, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we ekologik howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Türkmenistanyň wekiliýeti çärä onlaýn görnüşde gatnaşýar. Maslahatyň esasy…
Kalmykiýanyň Elista şäherinde Hazar sebitinde suw ýetmezçiligi we çölleşme meselelerine bagyşlanan halkara bilermenler dialogy geçirilýär. B.B. Gorodowikow adyndaky Kalmyk döwlet uniwersitetinde guralan «Global üýtgeşmeler we suw ýetmezçiligi şertlerinde Hazar sebiti: durnuklylygy ýokarlandyrmagyň başlangyçlary we ýollary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyna alty ýurduň — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň alymlary, ekologlary hem-de degişli ugurlaryň hünärmenleri gatnaşýar. Türkmenistanyň wekiliýeti foruma onlaýn görnüşde goşulýar.
Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň gözegçiliginde geçirilýän bu çäre Tähranda geçirilen III Hazar ykdysady forumynda döwlet Baştutanlarynyň gazanan ylalaşyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.
Maslahatyň dowamynda suw ýetmezçiligi, gurak sebitleriň üýtgeýän howa şertlerine uýgunlaşmagy, «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösüşi, oba hojalygynda biotehnologiýalaryň ulanylmagy we ekologik howpsuzlyk ýaly özara baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Gatnaşyjylar Hazar deňziniň bitewi ekoulgamdygyny nazara alyp, sebitdäki ekologik kynçylyklary çözmekde ýurtlaryň bilelikdäki hereketleriniň ähmiýetini belleýärler.
Maslahatyň iş maksatnamasynda suwy arassalamagyň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, topragyň zaýalanmagyna garşy göreşmek we Hazarýaka sebitiniň ilatynyň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär.
Şeýle hem akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýaş alymlary goldamak meselelerine garalýar. Hazar uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasy ýaş talyp ylmy toparlary üçin ýörite talyp haklary maksatnamasyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi.
Maslahatyň netijeleri boýunça taýýarlanjak teklipleriň we bilelikdäki ylmy barlaglar baradaky ylalaşyklaryň Hazar basseýniniň biologik baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge ylmy esas döretmegine garaşylýar.