Türkmenistanyň DIM-inde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

Turkmenistan RSS Feed ·

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga, şeýle hem halkara ulag we energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar sebit infrastruktura başlangyçlarynyň çäklerinde özara hereket etmegiň we Hazarüsti ulag arabaglanyşygyny ösdürmegiň geljegine garadylar.

Şeýle hem bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça yzygiderli syýasy-diplomatik dialogy dowam etdirmäge hem-de Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.

Источник: Turkmenistan RSS Feed