Türkmen teatry Özbegistanda geçirilen halkara festiwalyň baş baýragyna mynasyp boldy
Amul Info ·

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary Andijan şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalynda «Iň gowy sahna eseri» baýragyna mynasyp boldy. Türkmen artistleri B. Annanowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan…
Özbegistanyň Andijan şäherinde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwaly tamamlandy. Halkara döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň topary gatnaşyp, «Iň gowy sahna eseri» baýragyny gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berdi.
Türkmen artistleri festiwalyň çäklerinde belli türkmen dramaturgy B. Annanowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ak at» spektaklyny görkezdiler. Ahalteke bedewiniň şan-şöhratyny, türki halklaryň dost-doganlygyny beýan edýän sahna eseri tomaşaçylarda we emin agzalarynda uly täsir galdyrdy.
Festiwalyň emin agzalarynyň biragyzdan kabul eden kararyna görä, «Ak at» spektakly parahatçylyk, ynsanperwerlik we dostluk mowzuklaryny çeper beýan edendigi üçin «Iň gowy sahna eseri» baýragyna mynasyp görüldi. Türkmenistanyň teatrynyň döredijilik toparyna festiwalyň kubogy we ýörite diplom hem gowşuryldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň teatr toparlary TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň arasynda geçirilýän halkara teatr festiwallarynda soňky üç ýylyň dowamynda baş baýraklara mynasyp bolup gelýärler. Bu üstünlik türkmen teatr sungatynyň halkara derejesinde tanadylmagyna we milli medeni mirasyň dünýäde wagyz edilmegine goşant goşýar.