Kataryň Döwlet ösüş banky tehnologik startaplara 5,5 million dollara çenli maýa goýar
Amul Info ·

Kataryň Döwlet ösüş banky MVP-si bolan irki tapgyrdaky startaplar üçin 1,1 mln dollara çenli, Katar bazaryna girýän kompaniýalar üçin bolsa 5,5 mln dollara çenli maýa goýum maksatnamalaryny hödürleýär.
Kataryň Döwlet ösüş banky (QDB) innowasion we tehnologik taslamalary goldamaga gönükdirilen maýa goýum maksatnamalaryny yglan etdi. Resmi maglumatlara görä, irki tapgyrdaky — taýýar prototipi ýa-da MVP-si bolan startaplar 1,1 million ABŞ dollaryna çenli maýa goýum alyp bilerler. Goýumlar ylalaşylan tapgyrlar boýunça paýlar görnüşinde bölünip berilýär. Maýa goýum bilen birlikde, taslamanyň eýelerine we topara wiza goldawy, göçüp geçýän döwründe ýaşaýyş jaý kömegi hem-de kärhanany bellige almakda ýeňillikler hödürlenýär.
3 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän we Katar bazaryna girmek isleýän tejribeli kompaniýalar üçin bolsa 5,5 million dollara çenli maýa goýum göz öňünde tutulan aýratyn ugur bellenildi. Bu başlangyç Kataryň halkara tehnologiýa hünärmenlerini çekmek we sebitde innowasiýa ekosistemasyny ösdürmek strategiýasynyň bir bölegidir.