Peruda şäher häkiminiň wezipesine dalaşgärleriň ýeňijisi şaýy zyňmak arkaly kesgitlendi

Amul Info ·

Peruda şäher häkiminiň wezipesine dalaşgärleriň ýeňijisi şaýy zyňmak arkaly kesgitlendi

Perunyň Konima şäherinde häkim saýlawlarynda deň ses alan iki dalaşgäriň ýeňijisi şaýy zyňmak arkaly kesgitlendi. Ruben Kispe Kapahanýa bilen Salomino Mamani hersi 671 ses aldy. Geçirilen bije atyşlygyň netijesinde Ruben Kispe Kapahanýa ýeňiji diýlip yglan edildi we şäheriň häkimi wezipesine…

Peruwyň günortasyndaky Puno sebitiniň Konima şäherinde häkim saýlawlarynyň netijesinde deň ses alan iki dalaşgäriň haýsysynyň ýeňiji boljakdygy şaýy zyňmak arkaly kesgitlendi. Bu barada ýerli RPP radioýaýlymy habar berdi.

Saýlawlarda «Somos Peru» partiýasyndan Ruben Kispe Kapahanýa bilen «Ýurt hemmäniňki» partiýasynyň wekili Salomino Mamani hersi 671 ses aldy. Şeýlelikde, dalaşgärleriň arasynda deňlik ýüze çykdy.

Ýeňijini kesgitlemek üçin geçirilen bije atyşlykda şaýy pul ulanyldy. Netijede, Ruben Kispe Kapahanýa ýeňiji diýlip yglan edildi we Konima şäheriniň häkimi wezipesine saýlandy.

Источник: Amul Info