Ýaş türkmen alymlary halkara ylmy forumda

Turkmenistan RSS Feed ·

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýaş alymlary Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen «Ýaşlar ylymda – 2026» atly halkara ylmy foruma gatnaşdylar.

Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan bu giň gerimli çäre dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýaş alymlara özleriniň innowasion ylmy işlerini, gazanan netijelerini we üstünliklerini halkara derejesinde tanyşdyrmaga giň mümkinçilik döretdi.

Forumyň dowamynda türkmen ýaş alymlarynyň lukmançylygyň möhüm ugurlary boýunça eden çykyşlary, aýratyn-da, lukmançylyk bilimi we bejeriş tejribesinde emeli aňyň ulanylyşyna, şeýle hem ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan häzirki zaman ylmy-barlag işleriniň netijelerine bagyşlanan çykyşlary gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Minsk şäherinde ýaş alymlaryň duşuşygy tejribe alyşmak, ylmy işleriň ileri tutulýan ugurlary boýunça öňde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak, ylmy-bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri döretdi.

Источник: Turkmenistan RSS Feed