Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy 5-nji dekabrda başlar

Amul Info ·

Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy 5-nji dekabrda başlar

Türkmenistanda Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli söwda 5-nji dekabrda başlar. Söwda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, söwda merkezlerinde, bazarlarda hem-de dükanlarda guralar. Şeýle hem göçme söwda nokatlarynyň işi ýola goýlar. Prezident Serdar Berdimuhamedow…

Türkmenistanda Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guraljak baýramçylyk söwdasy 5-nji dekabrda badalga alar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Bu mesele Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda toplumynyň baýramçylyklara taýýarlygy barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew hasabat berdi.

Onuň aýtmagyna görä, baýramçylyk söwdasy welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň söwda merkezlerinde, bazarlarynda hem-de dükanlarynda guralar. Mundan başga-da, göçme söwda nokatlarynyň işi ýola goýlar. Degişli teklip döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Hasabaty diňläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günlerinde bazarlarda göçme söwda nokatlarynyň işini guramagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem dürli görnüşli sowgatlyk önümler bilen üpjünçilik meselesine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Источник: Amul Info