Türkmenistanyň Döwlet sirkinde 22-nji noýabrda täze tomaşa möwsümi açylar

Amul Info ·

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde 22-nji noýabrda täze tomaşa möwsümi açylar

ürkmenistanyň Döwlet sirki 22-nji noýabrda täze möwsümini açyp, tomaşaçylara baý mazmunly maksatnamany hödürlär. Onda halkara sirk festiwallarynyň altysynda ýeňiji bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary, şeýle-de dürli ýurtlardan getirilen…

Türkmenistanyň Döwlet sirki 22-nji noýabrda täze möwsümini açyp, tomaşaçylara baý mazmunly çykyşlary hödürlär.

Täze maksatnamanyň çäklerinde halkara sirk festiwallarynyň altysynda ýeňiji bolup, baş baýraklara mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary görkeziler.

Şeýle-de tomaşaçylar dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen, ýörite tälim berlen haýwanlaryň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler.

Goşmaça maglumat almak we petekleri sargyt etmek üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bolýar: 36-10-95, 36-10-34, 39-80-44, 39-80-45.

Источник: Amul Info