Lebap welaýatynda şaly oragy gyzgalaňly alnyp barylýar
Amul Info · · lebap

Welaýatda 47 müň 400 tonna şaly ýygnamak meýilleşdirilýär. Gowaça ekijiler bolsa «ak altynyň» 320 müň tonnasyny almagy maksat edinýärler.
Lebap welaýatynda şaly oragy gyzgalaňly alnyp barylýar. Meýilnama laýyklykda möwsümde bu gymmatly azyklyk önümiň 47 müň 400 tonnasy ýygnalmaly. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Daýhanlar şalynyň bellenilendäkisinden artyk möçberini ýygnamak üçin gaýratly zähmet çekýärler. Üstümizdäki oba hojalyk ýylynda welaýatda 130 müň gektar meýdanda gowaça ekilip, «ak altynyň» 320 müň tonnasyny ýygnap almak meýilleşdirilýär. Gowaça meýdanlarynda janypkeşlikli zähmet joşýar.
2026-njy ýylyň tomusky orak möwsüminde welaýat boýunça 130 müň gektarda ekilen ak bugdaýdan 310 müň tonna bereketli hasyl ýygnaldy.