«Türkmengaz» we «Türkmennebit» metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Amul Info ·

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri Bütindünýä bankynyň taslamasynyň çäklerinde metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Başlangyç nebitgaz desgalarynda gazyň ýitgisiniň öňüni almaga, ony peýdaly ulanmagy ýola goýmaga we daşky gurşawa ýetirilýän täsiri…

Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynda metan zyňyndylaryny azaltmak we bölünip çykýan gazyň peýdaly ulanylyşyny ýola goýmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär. Bu ugurda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri Bütindünýä bankynyň degişli taslamasynyň çäklerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde işleri alyp barýarlar.

Taslamanyň esasy maksady nebitgaz pudagyndaky önümçilik desgalarynda metanyň atmosfera ýaýramagyny azaltmak, onuň ýitgisiniň öňüni almak we bölünip çykýan gazy ykdysady taýdan peýdaly ugurlara gönükdirmekden ybaratdyr. Bu çäreler önümçilik işleriniň ekologik howpsuzlygyny ýokarlandyrmak bilen birlikde, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmaga hem mümkinçilik döreder.

2026-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça hödürlenen teklipleri makullady. Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanowa ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik meýdançalarynda degişli tebigaty goraýyş çärelerini durmuşa geçirmek üçin halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda guramak boýunça tabşyryklary berdi.

Bu başlangyç Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda metan zyňyndylaryny azaltmak, daşky gurşawa ýetirilýän täsiri peseltmek we energetika ulgamynda ekologik taýdan durnukly önümçiligi ösdürmek boýunça alyp barýan işleriniň möhüm ugurlarynyň biridir.

Источник: Amul Info