KOREÝ DILINI ÖWRENÝÄN TALYPLAR ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLER

Soňky täzelikler ·

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklar ylym-bilim hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda täze üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň daşary syýasatynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly üns berilmegi bilim ulgamynda tejribeleri paýlaşmaga giň ýol açýar. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 6-10-njy noýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Patyşa Sejong adyndaky institutynyň gaznasynyň wekilleri Aşgabat şäherine iş sapary bilen geldiler. Aşgabat şäherindäki Patyşa Sejong adyndaky koreý dili okuw merkezinde koreý dili we medeniýeti boýunça guralan ýörite sapaklar talyplar tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylandy. Institutyň professor-mugallymlary we koreý dilini öwrenýän zehinli talyplary bu duşuşyklarda ýokary işjeňlik görkezip, myhmanlar bilen özara tejribe alyşdylar. Saparyň çäklerinde guralan sapaklar koreý dilini okatmagyň häzirki zaman interaktiw usullary we täzeçil görnüşleri bilen tapawutlandy. Hususan-da, koreý dilini we medeniýetini öwrenmek boýunça geçirilen sаpaklar talyplarda uly ruhubelentlik döretdi. Mundan başga-da, bu okuwlaryň dowamynda talyplar halkara derejeli dil synaglaryna taýýarlanmak, koreý medeniýeti, milli däp-dessurlary, taryhy we häzirki zaman ykdysadyýeti bilen ýakyndan tanyşdyrylýar. Bilim, ylym we dil öwrenmek ulgamynda alnyp barylýan şeýle netijeli tejribe alyşmalar, ýokary hilli okuw maksatnamalary hem-de hünärmenleriň arasyndaky gatnaşyklar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk köprüsini has-da pugtalandyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, koreý dilini öwrenýän talyplara döwrebap bilim bermäge, olaryň giň dünýägaraýyşly, hünär taýdan kämil hünärmenler bolup ýetişmegine saldamly goşant goşmak bilen birlikde, ýurdumyzyň halkara derejedäki medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň rowaçlanmagyna uly itergi berýär. Ýurtlaryň arasynda ýola goýlan ylym-bilim hyzmatdaşlygyny barha ilerletmek üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin.

Источник: Soňky täzelikler