Aşgabatda eýran milli bezeg sungaty boýunça okuw sapaklary guralar
Amul Info · · asgabat, ashgabat

Aşgabatda Eýranyň däp bolan mata ýüzüne surat çekmek we nagyş salmak sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler. 23-nji noýabrda başlanjak okuw maksatnamasy 30 akademiki sagada niýetlenip, 12 amaly sapagy öz içine alýar. Gatnaşyjylar eýran nagyşlarynyň taryhy we aýratynlyklary bilen tanşyp, dürli…
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi Eýranyň däp bolan mata ýüzüne surat çekmek we nagyş salmak sungatyna bagyşlanan ussatlyk sapaklaryny gurar.
Eýranly mugallym Zähra Sadat Hosseýnizade gatnaşyjylara bu gadymy senediň aýratynlyklaryny, däp bolan usullaryny we häzirki zaman çeperçilik tärlerini öwreder.
Okuw maksatnamasy 2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda başlanar. Jemi 30 akademiki sagada niýetlenen okuw hersi 2,5 sagat dowam edýän 12 amaly sapagy öz içine alýar. Maksatnama bu ugurda ilkinji ädimlerini ädýänler, şeýle hem bezeg-amaly sungat boýunça tejribesi bolanlar üçin niýetlenendir.
Sapaklaryň dowamynda gatnaşyjylar Eýranyň çeper nagyş sungatynyň taryhy, nagyşlarynyň aýratynlyklary we pelsepesi bilen tanyşarlar. Şeýle-de olar dürli görnüşli matalara reňkleri geçirmegiň başlangyç hem-de kämilleşdirilen usullaryny özleşdirerler. Mugallymyň ýolbaşçylygynda özboluşly döredijilik eserlerini döretmäge hem mümkinçilik alarlar.
Ussatlyk sapaklary Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 100-nji jaýynda ýerleşýän Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde geçiriler.