2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Turkmenistan RSS Feed ·

Geçen aýda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» hem-de giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan netijeli işler alnyp baryldy. Halkara derejeli köp sanly çäreler — syýasy geňeşmeler, işewürlik duşuşyklary, maslahatlar, sergiler, medeni çäreler we beýlekiler munuň aýdyň mysalydyr.

1-nji oktýabrda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara ülňüleri we kadalary seljermäge bagyşlanan geňeşme duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýan “Türkmenistanyň “ýaşyl” ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024 — 2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” atly taslamanyň çäklerinde guralan çäräniň esasy maksady energetika pudagynda ileri tutulýan milli ösüş ugurlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça maslahatlary işläp taýýarlamakdan ybarat boldy.

1-2-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumyna ýurdumyzyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Ýaponiýanyň, Singapuryň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Türkiýäniň, Koreýa Respublikasynyň, Şweýsariýanyň, Malaýziýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Belgiýanyň, Kataryň döwlet düzümleriniň, halkara maliýe edaralarynyň, guramalaryň hem-de öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleriniň we bilermenleriň 700-den gowragynyň gatnaşmagy dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistan bilen özara bähbitli maýa goýum we işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezdi. Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralan forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, döwlet düzümleriniň, Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda birnäçe degişli resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi, «Semena» assosiasiýasynyň 28-nji mejlisi hem-de seleksiýa we tohumçylyk boýunça halkara maslahat Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda işjeň orun eýeleýändiginiň, ýurdumyzyň oba hojalyk, seçgiçilik, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamlarynda gazanýan üstünlikleriniň ýokary halkara ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň mysaly boldy. Giň möçberli forumlar Arkalaşygyň ýurtlarynyň oba hojalyk edaralarynyň, degişli ministrlikleriniň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, alymlary we seçgiçilik merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Çärelerde oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly, gurakçylyga durnukly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegiň döwrebap usullary, seçgiçilik we tohumçylyk ulgamyny giňeltmek, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, önümçilige öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Awazada Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 95-nji mejlisi geçirildi. Foruma Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň suw hojalygy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, toparyň ýerine ýetiriji edaralarynyň we bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisde Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnlerinde suw serişdelerinden, suw howdanlaryndan netijeli peýdalanmak, serhetýaka derýa akabalarynda döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw hasabatyny awtomatlaşdyrmak, Aral deňziniň çäklerindäki ekologik ýagdaýyň täsirini ýeňilleşdirmek ýaly möhüm meseleler aýratyn üns merkezinde boldy.

7-nji oktýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine seljerme bermek we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin meýdança bolup hyzmat etdi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara ynanyşmagyň ýokary derejesini hem-de agza döwletleriň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýändiklerini bellediler. Nygtalyşy ýaly, GDA formaty meseleleriň giň toplumy boýunça garaýyşlary ylalaşmagyň netijeli guraly bolmagynda galýar. Mejlisde taraplaryň durnukly ykdysady ösüşiň bähbidine tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Onuň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi.

Mejlisiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrow, Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri M.Ryženkow bilen duşuşdy. Taraplar döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Awazada geçirilen “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş ugurly syýasaty durmuşa geçirýär we bu syýasatda adam, onuň durmuşy, hukuklarydyr mertebesi iň ýokary gymmatlyk hökmünde kesgitlenilýär. Forumyň dowamynda bilelikdäki sebit taslamalary, tejribe alyşmak maksatnamalary, Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerine yzygiderli gözegçilik etmegiň mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA agza ýurtlaryň, Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşdylar. Forumda çykyş edenler Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmegiň, zenanlary hemmetaraplaýyn goldamagyň we olaryň kanuny hukuklaryny goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlenilendigini nygtadylar. Ýurdumyz BMG-niň binýatlaýyn ýörelgelerine ygrarlydygyny yzygiderli görkezmek bilen, halkara standartlary milli kanunçylyga we häkimiýet edaralarynyň işine ornaşdyrýar. Halkara zenanlar dialogynyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

“Awaza” kongresler merkeziniň mejlisler zalynda geçirilen “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat ählumumy saglygy goraýşyň möhüm meselelerini maslahatlaşmak üçin netijeli dialog meýdançasyna öwrüldi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar, bilermenler gatnaşdylar. Häzirki wagtda saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Adam saglygy diňe her bir raýatyň binýatlaýyn hukugy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, zähmet öndürijiligini we döwletiň durmuş taýdan durnuklylygyny kesgitleýän esasy ykdysady serişde bolup durýar. Ýokary hilli, elýeterli lukmançylyk hyzmatlarynyň ulgamy döredilmezden, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak mümkin däldir. Şunuň bilen baglylykda, forumyň dowamynda beýan edilen teklipler ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmäge möhüm goşant bolar.

Awazada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Onda degişli ugur boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we media ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde özara maglumat we telewizion gepleşikleri alyşmak asylly ýörelgä öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, GDA döwletleriniň teleradioýaýlymlary bilen hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň sebitiň ýurtlarynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigi aýdyldy.

7-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçirilen, Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan zehinli gyzlary bir ýere jemlän «Tatar gyzy — 2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry tatar halkynyň baý taryhy mirasyny we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamaga gönükdirildi. Saýlama tapgyrlarda ýeňiji bolanlar jemleýji tapgyrda intellektual, döredijilik taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezdiler. Bäsleşik medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryndan ybarat bolan gala konsert bilen tamamlandy. Bu çäre halklaryň dostlugynyň, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Konsert maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Moda öýleriniň bilelikdäki defile-görkezilişi guraldy.

8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň mejlisinde çuňňur taryhy-medeni köklere hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ilerletmek üçin geçirilýän şeýle duşuşyklaryň uly ähmiýeti bellenildi. Ministrler duşuşygy ýurtlaryň hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydygyny görkezdi.

8-nji oktýabrda Awazada geçirilen halkara çärelere gatnaşan döwlet Baştutanlarydyr belent mertebeli myhmanlar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň festiwalyna gatnaşdylar hem-de bu ýerde guralan sergi bölümleri bilen tanyşdylar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimler toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy. Medeni çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Konsertiň dowamynda “Tatar gyzy — 2026” atly halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baş baýrak — “ZEEKR X9” kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy.

Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen giň möçberli halkara çäreleriň dowamynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda telewideniýe we kino sungatynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we sebitiň döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynyň işgärleri maglumat alyşmak, halkara derejede geçirilýän media çärelerine gatnaşmak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýygjam gatnaşyklary saklaýarlar. Munuň özi degişli ugurlarda dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmekde, düzümleriň işine häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny, emeli aňyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmakda ähmiýetli hasaplanýar. Özara maglumat alyşmak bolsa halkara giňişlikde teletomaşaçylaryň Türkmenistanyň medeniýeti, taryhy, däp-dessurlary, ýeten derejesi baradaky maglumatlar bilen tanyşmaklaryny üpjün edýär.

9-njy oktýabrda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekiliniň orunbasary Ennio Boati bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň BMG-niň bu abraýly düzümi bilen durmuş syýasaty, gender deňligi we kanunçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Halkara Migrasiýa Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit edarasynyň direktorynyň orunbasary Dragan Aleksoski bilen gepleşikler geçirildi. Onda migrasiýa bilen bagly ählumumy meseleleri çözmekde, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlarda bosgunlara ýardam bermekde, adam söwdasynyň öňüni almakda, oňa garşy göreşmekde tagallalary utgaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

10-njy oktýabrda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Korinn Kapuano bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlary, ilatyň saglygyny goramak babatda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegi barada pikir alyşdylar.

12-nji oktýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýewropa Bilim gaznasynyň direktory Pilwi Torsti bilen geçirilen duşuşykda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, hünär bilimi ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, amaly ugurly okuwy ösdürmek we zähmet bazarynyň talaplaryny nazara almak bilen, ökde hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň baş direktory Lea Gutiýerres bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda häzirki zaman ykdysady meýilleri, özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, sebit gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

13-14-nji oktýabrda Aşgabatda Hazarüsti ulag geçelgesiniň çäklerinde hünär başarnyklaryny ösdürmek meselesine bagyşlanan DARYA sebit maksatnamasynyň ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi geçirildi. Onda ulag-logistika pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, hünär bilimini ösdürmek, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda tejribe alyşmak bilen bagly meselelere üns çekildi.

14-nji oktýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, bar bolan mümkinçilikleri we taraplaryň özara bähbitlerini nazara almak bilen, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

15-nji oktýabrda Baku şäherinde Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda sebit we halkara gün tertibiniň, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary, üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary dürli ugurlarda, şol sanda ony energetika, deňiz ulagy, syýahatçylyk, bilim ulgamlarynda ösdürmegiň wajyp meseleleri, halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

17-18-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Bagdat şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisde halkara we sebit gün tertibiniň, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, gurama agza döwletleriň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi.

19-njy oktýabrda Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň «C5+1» formatyndaky nobatdaky duşuşygy geçirildi. Onda döwletleriň özygtyýarlylygyna, garaşsyzlygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, özara ynanyşmak we umumy bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryna garaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň «C5+1» formatyndaky Bilelikdäki Jarnamasy kabul edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen geçiren duşuşygynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar. Gepleşiklere ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ilçi Serjio Gor hem gatnaşdy.

20-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň we Kataryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde parahatçylyk söýüjilik, özara hormat goýmak, taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Köptaraplaýyn meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan guralan «Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu döredijilik çäresine haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa gatnaşdylar.

20-nji oktýabrda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňişleýin mejlisine ýurdumyzyň wekiliýeti çagyrylan döwletiň wekili derejesinde hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Mejlisde sebit hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şol sanda söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

21 — 23-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi geçirildi. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan guralan bu iri gözden geçiriliş ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden tanyşdyrmak, göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek, dünýä tejribesini öwrenmek üçin amatly meýdança boldy.

22-nji oktýabrda Batumi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Gruziýanyň wise-premýeri, daşary işler ministri hanym Maka Boçorişwili bilen duşuşdy. Taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

22-nji oktýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna gözegçilik edýän ministrleriniň köpdilli bilim bermek ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen «tegelek stol» maslahaty milli tejribeleri alyşmak hem-de bilimiň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmakda täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Forumyň işine Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri, halkara bilermenler hem gatnaşdylar.

23-nji oktýabrda Batumi şäherinde geçirilen Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda syýasy, söwda-ykdysady, ulag-energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň çäklerinde Batumi deňiz portuna tanyşlyk sapary guraldy.

26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda bu abraýly düzüm bilen döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek, sanly özgertmeler, ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak we durmuş ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine garaldy.

28-nji oktýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Hamid Ganbari bilen geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny dürli ugurlarda ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministrliginde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurdumyzdaky işini tamamlaýan ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew bilen duşuşyk geçirildi. Onda milli saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmakda, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda we ilatyň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

28-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde Halkara pul gaznasynyň Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Anna Bordon bilen geçirilen duşuşygyň barşynda bu gazna bilen ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, hünär dialogyny giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirilip, onda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit we halkara düzümleriň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Duşenbe şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň hatyrasyna jebislik” atly Merkezi Aziýa döwletleriniň dördünji parlamentara forumyna gatnaşdy. Forumyň çäklerinde milli parlamentiň ýolbaşçysy Täjigistan Respublikasynyň parlamentiniň palatalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Taraplar bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň we iki ýurduň parlamentarileriniň arasyndaky göni gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.

30-njy oktýabrda Daşary işler ministrliginde Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lungisani Dominik Ntombela bilen duşuşyk geçirildi. Onda diplomat ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygy bellenildi.

Şeýlelikde, oktýabr aýynyň halkara derejeli wakalary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkynyň hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli dialogyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Источник: Turkmenistan RSS Feed