Abdulla Babaýew Moskwada geçiriljek Fight Nights 145 ýaryşynda söweşer
Amul Info ·

Türkmenistanly MMA türgeni Abdulla Babaýew 26-njy noýabrda Moskwada geçiriljek BETCITY FIGHT NIGHTS 145 ýaryşynda täjigistanly Behruzdin Mardonow bilen duşuşar. Üç raunddan ybarat ýeňil agramdaky söweş CSKA Arena sport toplumynda geçiriler. Babaýewiň hasabynda 6 ýeňiş we 1 ýeňliş, Mardonowyň bolsa…
Türkmenistanly garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türgeni Abdulla Babaýew Moskwada geçiriljek BETCITY FIGHT NIGHTS 145 ýaryşyna gatnaşar. Onuň garşydaşy Täjigistandan bolan Behruzdin Mardonow bolar.
Ýeňil agram derejesindäki söweş üç raunddan ybarat bolar. Ýaryş 26-njy noýabrda Moskwanyň CSKA Arena sport toplumynda geçiriler.
Abdulla Babaýew şu wagta çenli professional derejede ýedi söweş geçirip, olaryň altysynda ýeňiş gazandy we birinde ýeňildi. Türkmen türgeni gazanan ýeňişleriniň ählisini möhletinden öň tamamlamagy başardy.
Onuň garşydaşy Behruzdin Mardonowyň hasabynda bolsa dört ýeňiş we bir ýeňliş bar. Täjigistanly türgen hem gazanan ähli ýeňişlerini möhletinden öň gazanypdyr.