Türkmenistan we Awstriýa demir ýol ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

Amul Info ·

Türkmenistan we Awstriýa demir ýol ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasynda demir ýol ulaglary ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we «Liebherr» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy.…

Türkmenistan we Awstriýa demir ýol ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde ministr Mämmet Akmämmedow bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy Kristina Şwars Fuksyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda demir ýol ulaglary pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga Awstriýanyň Türkmenistandaky ilçisi Etýen Berhtold hem-de «Liebherr» kompaniýalar toparynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy ýurtda demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, otlylaryň hereket edýän düzümini täzelemek we Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Şeýle-de «Liebherr» kompaniýasy bilen ýöriteleşdirilen tehnikalary we enjamlary üpjün etmek, olaryň tehniki hyzmatyny ýola goýmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de degişli ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak meselelerine garaldy.

Awstriýanyň wekilleri Türkmenistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirip, tehnologiýalar we tejribe alyşmagyň ähmiýetini bellediler. Taraplar anyk taslamalary kesgitlemek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Mämmet Akmämmedow Awstriýanyň wekiliýetini 2026-njy ýylyň 26–28-nji noýabrynda geçiriljek «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: baglanyşyk we ösüş – 2026» (ITTC 2026) atly halkara foruma we sergä gatnaşmaga çagyrdy.

Ulag geçelgelerini, logistika ulgamyny, sanly infrastrukturany we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu çäre Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabrynda bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanýar.

Источник: Amul Info