Aýdymçy Annaberdi Orazmämmedow «ABU TV Song Festival 2026» festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Amul Info ·

Aýdymçy Annaberdi Orazmämmedow «ABU TV Song Festival 2026» festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň at gazanan artisti Annaberdi Orazmämmedow Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilen «ABU TV Song Festival 2026» halkara festiwalynda baýrak aldy. Aýdymçy halkara sahnada «Arkadagly Serdarym» aýdymyny ýerine ýetirip, türkmen aýdym-saz sungatyna wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Annaberdi Orazmämmedow Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde geçirilen «ABU TV Song Festival 2026» halkara aýdym-saz festiwalynda baýrak bilen sylaglandy. Türkmen aýdymçysy halkara sahnada «Arkadagly Serdarym» atly aýdymyny ýerine ýetirip, milli aýdym-saz sungatyna wekilçilik etdi.

Bu festiwal Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU) 63-nji Baş Assambleýasynyň çäklerinde guraldy. Şri-Lankada geçirilen halkara çärelere Türkmenistanyň wekiliýeti hem işjeň gatnaşdy.

Dünýäniň 66 ýurdundan 225 sany media guramasynyň 350-den gowrak wekilini bir ýere jemlän Baş Assambleýanyň maksatnamasynda dürli duşuşyklar, mejlisler we medeni çäreler geçirildi. Şolaryň hatarynda Kolombonyň «Stein Studios» merkezinde geçirilen «ABU TV Song Festival 2026» halkara aýdym-saz festiwaly hem bar.

ABU-nyň halkara medeni taslamalarynyň biri bolan bu festiwal dürli ýurtlaryň aýdym-saz sungatyny, milli medeniýetini we döredijilik mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Bu gezekki aýdym-saz baýramçylygy 15-nji gezek geçirildi.

Festiwalda Türkmenistanyň adyndan çykyş eden Annaberdi Orazmämmedow «Arkadagly Serdarym» atly aýdymyny joşgunly ýerine ýetirdi. Onuň çykyşy arkaly daşary ýurtly tomaşaçylar türkmen milli estrada sungatynyň häzirki zaman aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Çäräniň jeminde türkmen aýdymçysyna festiwalyň resmi nyşany şekillendirilen baýrak we degişli diplom gowşuryldy. Bu sylag Annaberdi Orazmämmedowyň döredijiliginiň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň hem-de türkmen aýdym-saz sungatynyň dünýäde wagyz edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Источник: Amul Info