Günorta Koreýa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň lukmanlaryna emeli aňy anyklaýyş işlerinde ulanmagyň tejribesini öwredýär
Amul Info · · g1835848

Günorta Koreýa Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň lukmanlaryna emeli aňy keselleri anyklamakda ulanmagyň tejribesini öwredýär. Seulda geçirilen hünär saparynyň dowamynda wekiliýetler rentgen, KT we mammografiýa şekillerini emeli aň arkaly seljermek, keselleri irki döwürde ýüze…
Günorta Koreýa Merkezi Aziýa döwletleriniň saglygy goraýyş ulgamynyň wekillerine lukmançylykda sanly tehnologiýalary we emeli aňy ulanmak boýunça öz tejribesini paýlaşýar. Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň saglygy goraýyş hem-de maliýe ulgamlarynyň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden düzülen wekiliýet Seul şäherinde bolup, koreý lukmançylygynyň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdy.
Bu sapar Koreýanyň Durmuş üpjünçiligi boýunça maglumat gullugy tarapyndan Bütindünýä banky bilen bilelikde guralan hünär mümkinçiliklerini ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.
Saparyň dowamynda wekiliýet Koreýanyň Saglygy goraýşy goldamak assosiasiýasynyň (KAHP) işine hem-de onuň lukmançylyk barlaglarynda emeli aňy ulanmak boýunça tejribesine aýratyn üns berdi. Gatnaşyjylara keselleri irki döwürde ýüze çykarmak we öňüni alyş barlaglaryny kämilleşdirmek üçin döredilen sanly çözgütler görkezildi.
Tanyşdyrylan usullaryň arasynda lukmançylyk şekillerini emeli aňyň kömegi bilen seljermek ulgamy aýratyn orun eýeledi. Bu tehnologiýa rentgen suratlaryny, döş kapasasynyň kompýuter tomografiýasy (KT) şekillerini hem-de mammografiýa netijelerini awtomatiki seljerip, mümkin bolan näsazlyklary ilkinji tapgyrda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Soňra alnan maglumatlar degişli ugur boýunça lukmanlar tarapyndan barlanylyp, gutarnykly lukmançylyk netijesi taýýarlanylýar.
Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri göz düýbüniň ýagdaýy boýunça ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiligini bahalandyrmagyň usullary, elektrokardiogrammanyň (EKG) we gandaky glýukozanyň derejesiniň üznüksiz gözegçiligi, şeýle hem bedeniň düzümini seljermek ulgamlary bilen tanyşdylar.
KAHP-niň 17 sebit merkezinde ulanylýan hassalary sanly hasaba almakdan başlap, lukmançylyk maglumatlaryny elektron arhiwde saklamaga çenli bolan iş tapgyrlary hem görkezildi.
Bu tejribeleriň öwrenilmegi Merkezi Aziýa döwletlerinde sanly lukmançylygy ösdürmek, keselleri irki döwürde anyklamagyň takyklygyny ýokarlandyrmak we öňüni alyş barlaglarynyň netijeliligini artdyrmak boýunça milli maksatnamalary kämilleşdirmäge ýardam eder.