Türkmen talyby Ýaponiýanyň Tohoku uniwersitetinde bir ýyllyk okuw geçýär

Turkmenistan RSS Feed ·

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Suraý Baýryýewa Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Tohoku uniwersitetinde talyplary alyşmak maksatnamasy boýunça bir ýyllyk okuw geçýär.

Ýaponiýada okamak türkmenistanly talybyň uly akademiki üstünligine öwrüldi. Bu ýerde okamak üçin ýol öz mähriban ýokary okuw mekdebinde yhlasly okamagy, ylmy we jemgyýetçilik işlerini üstünlikli alyp barmagy bilen geçildi.

Häzirki wagtda Suraý Tohoku uniwersitetiniň ýokary bilimiň ähli derejelerinde inženerçilik ulgamynda hünärmenleri taýýarlaýan düzüm bölegi bolan Inženerçilik mekdebinde (School of Engineering) okaýar.

Uniwersitetiň öňdebaryjy professorlarynyň we alymlarynyň ýolbaşçylygynda okuw döwründe Suraý öz hünär ugruna degişli dersler boýunça diňe bir nazary bilimlerini çuňlaşdyrman, eýsem, öz hünäri boýunça ylmy-barlag taslamalaryna hem gatnaşar.

Maksatnamanyň amaly bölegine gatnaşmak türkmen talybyna uniwersitetde alan bilimlerini halkara ylmy giňişlikde ulanmaga, öňdebaryjy barlag usullary bilen tanyşmaga, şeýle hem inženerçilik, biotehnologiýa we ekologiýa ulgamlaryndaky häzirki zaman çemeleşmeleri özleşdirmäge mümkinçilik berer.

Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň maglumatlaryna görä, daşary ýurtly talyplaryň barlaghanalarda ylmy-barlaglara gatnaşmagy akademiki alyşmalar maksatnamasynyň esasy bölekleriniň biridir.

Tohoku uniwersiteti Ýaponiýanyň Tohoku sebitiniň Miyagi prefekturasynyň Sendaý şäherinde ýerleşýän iri we abraýly ylmy-bilim merkezidir. Uniwersitetiň talyplary alyşmak maksatnamalary daşary ýurtlaryň dürli taýýarlyk ugurlary boýunça talyplaryna bir ýa-da birnäçe okuw tapgyrynyň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň binýadynda okamaga we ylmy işlere gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Ýaponiýada okuw geçmek türkmenistanly talybyň hünär taýdan ösmegine we kemala gelmegine, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda iň möhüm ugurlaryň biri boýunça iki dostlukly ýurduň uniwersitetleriniň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge uly goşant bolar.

Источник: Turkmenistan RSS Feed