2027-nji ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýy geçiriler
Amul Info ·

2027-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýyny geçirmek meýilleşdirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow gurultaýa häzirden taýýarlyk görmegi we onuň meýilnamasyny düzmegi wise-premýer B.Mämmedowa tabşyrdy. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde…
2027-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde belledi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Milli Lider wise-premýer B.Mämmedowa gurultaýa şu günden başlap taýýarlyk görmegi we çäräniň meýilnamasyny işläp düzmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda sanly ulgam bilen emeli aň tehnologiýalarynyň arasyndaky tapawudy seljermek, kiberhowpsuzlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak barada hem pikirler aýdyldy. Şeýle hem programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak boýunça ýaşlar bilen pikir alyşmagyň, olaryň startaplaryny we täze işläp taýýarlamalaryny durmuşa geçirmek işlerini işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli işleri alyp barmak boýunça anyk tabşyryklar berildi.