Daşoguzda we Lebapda suw serişdelerini tygşytlamak üçin sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar
Amul Info ·

Daşoguz we Lebap welaýatlarynda suw serişdelerini tygşytlamak hem-de tebigy baýlyklary rejeli dolandyrmak üçin sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça okuw maslahatlary geçirildi. BMGÖM-niň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň guramagynda geçirilen okuwlar GIS ulgamy we CROPWAT…
Daşoguz we Lebap welaýatlarynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, öri meýdanlaryny goramak hem-de oba hojalygynda ekologik durnuklylygy üpjün etmek boýunça amaly okuw maslahatlary geçirildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ählumumy ekologiýa gaznasynyň goldaw bermeginde guramagynda geçirilen okuwlar Daşoguz şäherinde we Seýdi şäherinde geçirildi. Olara daýhanlar, ekologlar we suw hojalygynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Okuwlaryň esasy maksady Aralýaka sebitinde tebigy serişdeleri dolandyrmak işine häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybarat boldy. Gatnaşyjylar geografik maglumat ulgamlaryny (GIS) we oba hojalyk ekinleriniň suw talaplaryny hasaplamaga niýetlenen CROPWAT maksatnamasyny ulanmagyň usullary bilen tanyşdylar.
Bu sanly gurallar ekinleriň suw zerurlygyny takyk kesgitlemäge, suwaryş işlerini öňünden meýilleşdirmäge we suw serişdeleriniň artykmaç sarp edilmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Okuw maslahatlarynda öri meýdanlaryny dikeltmek we topragy çölleşmekden goramak meselelerine hem aýratyn üns berildi. Hususan-da, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň töweregindäki we Demirgazyk Türkmenistandaky öri meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça amaly çözgütler görkezildi.
Hünärmenler maldarçylyk üçin çöl guýularynyň we suwaryş nokatlarynyň abatlaýyş işlerinden başlap, topragy berkitmäge ýardam edýän gurakçylyga çydamly ösümlikleri maksadalaýyk ekmek ýaly çäreler barada maglumat berdiler.
Şeýle tehnologiýalaryň we ekologiýa çäreleriniň giňden ornaşdyrylmagy Amyderýanyň basseýnindäki ekoulgama düşýän agramy azaltmaga, şeýle hem sebitde oba hojalygyny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmaga ýardam eder.